Özbegistanda 6 aýda 6 sany awiakompaniýa döredildi

01.08.2023

2023-nji ýylyň birinji alty aýynda Özbegistan Respublikasynda täze 6 sany awiakompaniýa döredildi. Olar ozal ýurtda bar bolan awiakompaniýalaryň üstüni ýetirip, howa gatnawlaryny amala aşyrýan kompaniýalaryň sanyny 8-e ýetirdi.

Özbegistan Resublikasynda häzirki wagtda jemi 8 sany — «Uzbekistan Airways», «Qanot Sharq», «Panorama Airways», «Humo Air», «Centrum Air», «Silk Avia», «Asia Union Airlines» hem-de «Tashkent Air» awiakompaniýalar hereket edýär. Bu görkeziji Özbegistany Merkezi Aziýa sebitinde howa gatnawlaryny amala aşyrýan iň öňdebaryjy döwlet bolmagyna getirdi.

Häzirki wagtda «Uzbekistan Airways», «Qanot Sharq», «Centrum Air», «Silk Avia» we «Humo Air» awiakompaniýalary Özbegistan Respublikasynyň çäginde içerki ugurlar boýunça hepdede 93 uçuş hödürleýär.

Tomus möwsüminde ýerli we daşary ýurt awiakompaniýalaryna hepdede 697 halkara gatnawyny amala aşyrmaga rugsat berildi. Bu görkeziji ýurtda awiasiýa pudagynyň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşýar.