Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew Halkara ýol ulaglary bileleşiginiň baş sekretary Umberto de Pretto bilen duşuşdy. Bu barada diplomatik wekilhananyň metbugat gullugy habar berýär.
Diplomatik wekilhananyň metbugat beýanatynda taraplaryň häzirki gatnaşyklary güýçlendirmek mümkinçiligine, şeýle hem ozal gazanylan şertnamalary durmuşa geçirmek üçin anyk çäreleri görmek bilen bagly meselelere garandyklary aýdylýar.
Umberto de Pretto Türkmenistanyň global ulag we logistika ulgamynyň ösmegine goşan goşandyny birnäçe gezek belläp geçdi. Ol ýurduň halkara ýük gatnawlarynyň işiniň yzygiderliligini üpjün etmekde üstünlik gazanandygyna, şeýle hem sanlylaşdyrmak ugrundaky beýleki ädimlerine aýratyn ünsi çekdi.