Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda Karara gol çekdi

19.02.2024

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karar bilen, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň birnäçesi «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy:

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Sapar Berdiniýazow,

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň weterany Aman-Geldi Öwezowiç Baýramow,

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň weterany Wladimir Akimowiç Kadyrow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Kakajan Mommadow,

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Tahirowiç Durdyýewi,

Soltan Pirmuhammedow (merhum).

Olar bu abraýly sylaga Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny hem-de Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, döwlet bähbitlerini goramakda, ýaş hünärmenleri taýýarlamakda gazanan uly üstünlikleri hem-de diplomatik gullukda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmeti nazara alnyp, şeýle-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli eýe boldular.