«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri Ispaniýa Patyşalygynyň Walensiýa portunda iş saparynda boldular

16.02.2024

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hünärmenleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) «Hazar deňziniň sebitinde «ýaşyl» portlary we durnuklylyk ýörelgelerini ulanmak» taslamasynyň çäklerinde Ispaniýa Patyşalygynyñ Walensiýa portunda saparda boldular.

Saparyñ dowamynda türkmen hünärmenleri Walensiýa portunyň häzirki zaman dünýä standartlaryna laýyklykda CO2 zyňyndylaryny azaltmak we bioenergiýa (ýaşyl energiýa) üpjünçiligine geçmek babatda alyp barýan işleri bilen tanyş boldular. Mundan başga-da, bu ugurda ýurduñ deñiz portlarynda alnyp barylyan seljermeler we häzirki wagtda durmuşa geçirilýän synag taslamalary bilen tanşyldy.

Bu synag taslamalarynyñ biri hökmünde wodorod energiýasynda işleyan tirkeg çekiji we «reach staker» görnüşli tehnikalar barada maglumatlar alyndy. Bu tehnikalar dykyzlandyrylan wodorod ýangyjynda işlemek bilen, howa gurşawyna hiç hili zyñyndylary goýbermeýärler.

Mundan başga-da, Walensiýa portunyň dolandyryş bölüminiň işi bilen bagly meselelerde özara tejribeler alşyldy.

ÝHHG bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan taslamanyň çäklerinde Hazar we Gara deňizleriniň sebitlerinde port amallaryny sanlylaşdyrmak hem-de durnuklylyk ýörelgelerini ulanmak babatda agentligiň hünärmenleriniň Ýewropa ýurtlarynyň deňiz portlarynyň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşdyrmagyny guramak işleri alnyp barylýar. Taslamanyň esasy maksatlarynyň biri-de Hazar deňzinde söwdany we ýük daşamagy ýeňilleşdirmek arkaly ony logistika merkezine öwürmäge ýardam bermek boýunça tagallalary utgaşdyrmakdan ybarat bolup durýar.