«Russiýanyň demir ýollary» awtokonsernlere ulaglary demir ýol boýunça daşamagy teklip etdi

14.02.2024

«Russiýanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtoulaglary daşamak, barmaly nokatlaryna ýetirmek meselesinde kömek sorap ýüz tutan awtoulag konsernleriniň haýyşlaryny kanagatlandyrmak üçin demir ýol hyzmatlaryny ulanmagy teklip etdi. Kompaniýanyň bu baradaky habaryny «РБК» köpçülige ýetirdi.

Metbugat gullugy «Russiýanyň demir ýollarynyň» nyrhynyň inflýasiýa derejesine baglydygyny, munuň bolsa «ulag çykdajylaryny takyk çaklamaga» mümkinçilik berýändigini aýtdy. Kompaniýa awtoulag öndürijilerine «gapydan gapa» eltip bermek hyzmatlarynyň doly toplumyny berip biljekdigini ýa-da demir ýol arkaly «soňky milde» awtoulag daşaýjylary ulanmak bilen, uly merkezleriň arasynda awtoulaglary barmaly nokadyna ýetirip boljakdygyny mälim etdi.

Ýeri gelende ýatlasak, «AwtoWAZ» we «Sollers» zawodlaryndan resmi wekillere awtoulaglar ýollananda logistika çykdajylarynyň ýokarlanmagy bilen bagly ýagdaýy çözmek boýunça Ulag ministrliginden hem-de Senagat we söwda ministrliginden kömek soralypdy.