Hytaý Gazagystan bilen serhedindäki awtoulag barlag nokatlaryny üç günlük ýapar

08.02.2024

Hytaý Gazagystan bilen serhedindäki awtoulag barlag nokatlaryny üç günlik ýapar. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň Döwlet girdejileri boýunça komiteti habar berýär.

Komitetiň habarynda aýdylyşy ýaly, bu nokatlar 9 — 11-nji fewral aralygynda ýapyk bolar. Şeýle çözgüdiň kabul edilmegi Hytaýda Gündogar senenamasy esasynda, Täze ýyl baýramynyň bellenmegi bilen baglydyr.

«2024-nji ýylyň 9 — 11-nji fewraly aralygynda Gazagystan — Hytaý serhedindäki awtoulag barlag nokatlaryndan taraplaryň, ulaglaryň we ýükleriň geçmegi amala aşyrylmaz» — diýlip, habarda beýan edilýär.

Gazagystan — Hytaý serhedindäki demir ýol barlag nokatlary bolsa adaty tertipde işlemegini dowam etdirer.

Girizilen çäklendirmeleri göz öňünde tutup, Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň Döwlet girdejileri boýunça komiteti daşaýjylardan we serhetden geçmek isleýän beýleki taraplardan öz ugurlaryny öňünden meýilleşdirmekleriniň zerurdygy ýatlatdy.