Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

06.02.2024

5-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatyna obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Onda öňümizdäki jogapkärli ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy. 

Iş maslahatynyň barşynda obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew hem-de welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär.  
Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda  sürüm, tekizleýiş, geriş we çil çekmek işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Pagta öndürijileri ekişde ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk çigitleri taýýarlamak we talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. 

Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň tohumlaryny, olaryň ekiljek meýdanlaryny hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. 

Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumynyň, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň möwsüme doly taýýar edilmegini, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini  gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.