Russiýada Hytaýyň awtomobil brendleriniň kepillik hyzmatlary doly derejede üpjün edilýär

04.02.2024

Hytaýyň Russiýa Federasiýasynda resmi taýdan hödürlenen awtoulaglary üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň, kepillik hyzmatlarynyň doly üpjün edilýändigini «Russiýanyň awtomobil dilerleri» assosiasiýasynyň metbugat gullugynyň maglumaty boýunça «РИА Новости» habar berdi.

«Häzirki wagtda ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek üçin agyr logistika ugurlaryna garamazdan, resmi wekiller Russiýada resmi taýdan görkezilen brendleriň kepilliklerini doly üpjün edýärler, möhüm hyzmatlary ýerine ýetirýärler. Şunlukda, Hytaýyň brendleri üçin ätiýaçlyk şaýlary ýetmezçilik etmeýär we az sanly bölekler üçin ulanylyş möhletleri uzaldylan önümler diýseň seýrek duş gelýär» — diýlip, assosiasiýanyň habarynda bellenýär.

«РИА Новости» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, häzirki wagtda «Russiýanyň awtomobil dilerleri» assosiasiýasynda Hytaýyň resmi brendleriniň 29-sy bar: Chery, Geely, Omoda, FAW, Changan, Haval, JAC, Exeed, Tank, GAC, Jaecoo, Jetour, Baic, Kaiyi, Voyah, Livan, Ora, Forthing, Skywell, SWM, Honqgi, Dongfeng, Li Xiang, Haima, Jetta, Wey, Aito, Rising we Venucia.

Mundan başga-da, assosiasiýa häzirki wagtda Russiýanyň awtoulag bazarynyň 50 %-iniň Hytaý brendlerinden ybaratdygyny ýatlatdy.