Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

03.02.2024

Düýn — 2-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda hünär derejesini ýokarlandyrmak ugry boýunça okaýan diňleýjiler bilen önümçilik-tejribe okuwlary geçirildi.

Şeýle hem parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.

HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen parlament wekiliýeti bilen bolan duşuşygyň barşynda kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) wekilleriniň ýurdumyza iş saparynyň çäklerinde «Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam bermek» atly sebitleýin maksatnamanyň ýolbaşçysynyň we bilermenleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň maslahaty geçirildi.

Soňra wise-premýerler­ hem-de Türkmenistanyň Ministrler Ka­binetiniň ýanyndaky U­lag we kommunikasiýal­ar agentliginiň Baş d­irektory gözegçilik e­dýän düzümlerinde aln­yp barylýan işler, pu­daklary mundan beýläk­-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çä­reler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýe­tirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak­ çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barad­a hasabatlary berdile­r.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, ýurduň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.