Arkadag şäherinde «Arkadag şäheri – «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar şäheri» atly halkara maslahat geçirildi

02.07.2023

2-nji iýunda Arkadag şäheriniň Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanasynyň mejlisler zalynda «Arkadag şäheri — «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar şäheri» atly halkara maslahat geçirildi. Arkadag şäheriniň häkimligi hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan guralan çäre diňe bir adaty görnüşde däl, eýsem, täze şäheriň Aragatnaşyk müdirligi tarapyndan onlaýn tertipde hem alnyp görkezildi.

Halkara forum ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň agentlikleriniň ýolbaşçylaryny, daşary ýurtly ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürijileri, öňdebaryjy tehnologiýalary we hyzmatlary işläp taýýarlaýjylary, iri halkara aragatnaşyk operatorlaryny, halkara guramalaryň we düzümleriň wekillerini bir ýere jemledi.

«Akylly» we «ýaşyl» şäherler — şäher infrastrukturasyny durnukly we netijeli ösdürmegiň girewi” atly umumy mejlisde durnukly, durmuşa ukyply şäherler hem-de amatly ýaşaýyş üçin şäher gurşawyny döretmek, ykdysady ösüşi ilerletmek, häzirki we geljek nesilleriň abadançylygyny üpjün etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Foruma gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda kemala gelen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşynyň taryhy ähmiýetini nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň hemişelik ünsi we goldawy netijesinde, ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher ýaşamak, zähmet çekmek, dynç almak üçin iň amatly şertleri bolan kämil şäherleriň biri boldy.

Çykyş edenler ýol-ulag düzümleri barada aýdyp, bu düzümleriň halkara ölçeglere laýyk gelýändigini, olaryň döwrebap yşyklandyryş, wideogözegçilik we dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilendigini bellediler. Hususan-da, ulag ulgamlaryny gurnamakda we ulag akymlaryny düzgünleşdirmekde «Intelligent Transportation Systems (ITS)» innowasion işläp taýýarlamalary ulanylýar. Intellektual tehnologiýalar bilen üpjün edilen «akylly» ýollaryň ornaşdyrylmagy «ITS-niň» esasy wezipesidir. «Akylly» şäher konsepsiýasy öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we internetiň giňden ornaşdyrylmagyna esaslanyp, olaryň kömegi bilen şäher düzümlerini we gulluklaryny dolandyrmagy üpjün edýän bitewi ekoulgam döredilýär. Şeýle hem bu konsepsiýanyň düzümine “akylly” öý, bitewi maglumat binýady hem-de ýaşaýjylara hasaplaşyklary geçirmäge, dürli maglumatlary almaga mümkinçilik berýän köpugurly programma goşundysy girýär.

Umumy mejlisde çykyş eden daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň Baş direktory Nuriddin Muhitdinow, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Tomisa Paowiç, «Huawei Technologies» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitiniň önüm we çözgütler boýunça bölüminiň direktory Mi Nuo, şeýle hem sanly ulgam arkaly çykyş edenleriň hatarynda Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň GDA boýunça sebit bölüminiň direktory Natalýa Moçu we «Nokia» kompaniýasynyň Türkmenistan boýunça direktory Ismail Aýdyn bar.

«Arkadag şäheri — «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar şäheri» atly halkara maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Şeýle hem maslahatyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen «NEC Communication and Information Technologies Ltd» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen «DeltaTelecom» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Paýtagtymyza, Arkadag şäherine hem-de “Gala” medeni-dynç alyş merkezine guralan gezelençler daşary ýurtly myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.