«RDÝ logistika» kompaniýasynyň wekilleri däne daşamak üçin Türkmenbaşy portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşýarlar

02.02.2024

Russiýa Federasiýasynyň «Russiýanyň demir ýollary logistika» kompaniýasynyň wekilleri mümkinçilikleri hem-de kuwwaty bilen tanyşmak maksady bilen, Türkmenbaşy halkara deňiz portuna iş saparyny amala aşyrdylar. 

Myhmanlar deňiz portunyň baş, köpçülikleýin, konteýner we ýolagçy parom terminallarynyň hyzmatlary hem-de tehniki mümkinçilikleri bilen jikme-jik tanyşdylar.

Saparyň çäginde «Russiýanyň demir ýollary logistika» kompaniýasynyň wekilleri bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we «Türkmenistan Ulag-logistika merkeziniň» agzalarynyň arasynda iş duşuşygy geçirildi.

Taraplar Türkmenistanyň ulag pudagynyň logistika mümkinçiliklerini we daşary ýurtly ekspeditorlar üçin döredilen artykmaçlyklary gözden geçirdiler.

«Russiýanyň demir ýollary logistika» kompaniýasynyň wekilleri Mahaçkala, Astrahan portlary bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň arasynda Owganystan we Eýran ugrundan däne ekinlerini yzygiderli daşamagyň mümkinçiligini, şeýle hem Türkmenbaşy — Astrahan ýoly boýunça yzygiderli konteýner daşamagyň şertlerini belläp geçdiler.

Şunuň bilen baglylykda, «Russiýanyň demir ýollary logistika» kompaniýasynyň wekilleri öz tekliplerini derňewiň netijelerine esaslanyp, resmi ýollar arkaly iberjekdiklerini bellediler. Mundan başga-da, seljermäniň netijeleriniň munuň amatlydygyny kesgitlän halatynda, 2024-nji ýylyň martyndan başlap Türkmenbaşy halkara portuna deňiz arkaly ýük daşamaga gyzyklanma bildiriler.

«Russiýanyň demir ýollary logistika» kompaniýasynyň wekiliýeti Balkan gämi duralgasyna sapar wagtynda «Bereket» we «Ak Ýaýla» demir ýol stansiýalaryna baryp görerler.