Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy onlaýn görnüşde Gazagystanda guralan mejlise gatnaşdy

19.08.2025
Gazagystanyň Borowo şäherinde Suw hojalygy boýunça döwletara utgaşdyryjy toparynyň 90 ýyllyk ýubileý mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Genjiýew onlaýn görnüşde gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berilýär. Şeýle hem foruma suw baýlyklary we suwaryş (Gazagystan), energiýa we suw baýlyklary (Täjigistan), suw dolandyrylyşy (Özbegistan) boýunça wekiliýetleriň agzalary we Gyrgyzystanyň wekili synçy hökmünde gatnaşdy. Duşuşygyň gün tertibinde Amyderýa, Syrderýa ýaly derýalaryň basseýnlerinde 2025-nji ýylyň degişli döwri üçin suw howdanlarynyň çäklerini we işleýiş usullaryny ulanmak bilen bagly, şeýle-de döwlet Baştutanlarynyň --- Araly halas etmek boýunça halkara gaznany esaslandyryjylaryň Türkmenbaşy şäherinde (2018, Türkmenistan) we Duşanbe şäherinde (2023, Täjigistan Respublikasy) geçirilen sammitlerinden gelip çykýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Araly halas etmek boýunça halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji düzümleriniň gurluşyny we guramaçylyk-hukuk binýadyny gowulandyrmak boýunça işler barada maglumat berildi. Taraplar ähli meseleleri ara alyp maslahatlaşandan soň, degişli kararlar kabul edildi we Teswirnama gol çekildi. Oňa laýyklykda degişli formatda bäş ýurduň wekiliýetiniň indiki, 91-nji mejlisiniň Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Suw hojalygy boýunça döwletara utgaşdyryjy topary Araly halas etmek boýunça halkara gaznasynyň düzümleriniň biridir. Onuň bir düzüm bölegi Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasy we Ylmy maglumatlar merkezi bilen bilelikde Aşgabatda ýerleşýär. Suw hojalygy boýunça döwletara utgaşdyryjy topary ýurtlaryň oba hojalygynyň zerurlyklaryna, isleglerine laýyklykda suwy paýlamak babatda sebitiň döwletara guramasydyr. Onuň öz gözleg merkezi we degişli ýurtlardaky bölümleri bar.