Aşgabatda türkmen-katar hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

16.08.2025
Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň konstruktiw häsiýetine ýokary baha berdiler we mundan beýläk hem berkitmäge ygrarlylyklaryny tassykladylar.