Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
14.08.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä we Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife hem-de ýurduň ähli halkyna Pakistan Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
«Biz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berýäris we onuň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýäris» diýip, türkmen döwletiniň Baştutany gutlagynda belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti yzygiderli pugtalandyrylýan we kämilleşdirilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtamak bilen, netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Pakistan Yslam Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.