Türkmenistan ýakyn wagtda Hazar ekologiýa forumyny geçirmekçi

13.08.2025
Türkmenistan ýakyn wagtda Hazarýaka döwletleriň ýolbaşçylarynyň Hazaryň ekologiýasy boýunça ýörite sammitine taýýarlanmak üçin platforma boljak Hazar ekologiýa forumyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Awazada geçirilen “Hazar deňzi - dostluk we parahatçylyk deňzi” atly maslahatda aýtdy. “Ýakyn geljekde Hazar ekologiýa forumyny geçirmegi ýerlikli hasaplaýarys. Bu forumyň Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Hazar deňziniň daşky gurşaw meselelerine bagyşlanan ýörite sammitine taýýarlanmak üçin platforma bolup biljekdigine ynanýarys. Onda esasy mowzuklaryň biri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegi bolmaly" diýip, ministr R.Meredow aýtdy. Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hazaryň daşky gurşaw meseleleri boýunça başlangyçlary öňe sürendigini ýatlady. Ministr: "Bu diňe bir garamak üçin teklip däl, ähli döwletleriň işjeň herekete çagyryşy" diýdi. Onuň sözlerine görä, Türkmenistan ähli Hazarýaka döwletlere iberilen degişli konsepsiýany taýýarlady. R.Meredow: "Ugradylan resminamanyň taslamasyna jogaplary, teklipleri, düşündirişleri we bellikleri mümkin boldugyça gysga wagtda alanymyz üçin minnetdar" diýdi. Ministr bu resminamanyň Hazarýaka döwletleriň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy bolup biljekdigine ynam bildirdi. Ol: "Şol esasda, uzak möhletde Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin anyk çäreleri öz içine alýan strategik meýilnamalar we Hereketleriň meýilnamalary taýýarlanyp bilner" diýdi.