Türkmenistanda Hazar deňzi boýunça halkara maslahaty öz işine başlady
12.08.2025

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni mynasybetli «Hazar deňzi – dostlugyň we parahatçylygyň deňzi» atly halkara ylmy-amaly maslahaty açyldy — diýip, Turkmenportalyň habarçysy habar berýär.
Bu çärä Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan we Russiýa ýaly hazarýaka döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, şeýle hem BMG-niň, BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP), BMG-niň ösüş maksatnamasynyň (UNDP), Ýewropa Bileleşiginiň we ÝHHG-nyň we beýleki halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Maslahatda Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasy) durmuşa geçirilmegi, Hazar deňziniň akwatoriýasynyň guşlar üçin ähmiýeti we Türkmenistanyň Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň sebitiň biologik köpdürlüligini goramakdaky orny ara alnyp maslahatlaşylar.
Forumyň işine gatnaşyjylary şeýle hem Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň işinde ekologiki kadalaryň berjaý edilişi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ekologiýa syýahatçylygynyň ösüş mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meselelerine garap geçerler.
Maslahatyň işine wideoaragatnaşyk arkaly Halkara deňiz hukugy institutynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) hem-de Bütindünýä bankynyň bilermenleri hem gatnaşarlar.
Çäräniň çäklerinde hazarýaka ýurtlarynyň arasynda gidrometeorologik ugry boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi we Hazar deňziniň sebitiniň döwletleriniň arasynda goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekdäki ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşylar.