Aşgabatda Garagum derýasyndan Gurtly ýaşaýyş toplumyna çenli suwaryş ulgamy gurlar
12.08.2025

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän Garagum derýasyndan «Gurtly» ýaşaýyş toplumyna çenli suwaryş ulgamyny gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi diýip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Gyzyklanma bildirýän guramalaryň arzalary 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabryna çenli Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar boýunça müdirliginde kabul edilýär.
Resminamalary şu salgy boýunça tabşyrmaly: Aşgabat şäheri, Arçabil köçesi, jaý 84.
Maglumatlary almak üçin telefonlar: 44-46-77, 44-46-64.
Täze suwaryş ulgamy paýtagtymyzyň ösýän ýaşaýyş toplumynyň birini — Gurtly ýaşaýyş toplumyny suw bilen üpjün etmek üçin niýetlenendir