Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewany gutlady

12.08.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Amangözel Şagulyýewa 85 ýaş ýubileýi mynasybetli Gutlag hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Beýan edilişi ýaly, döwlet Baştutany Gutlag hatynda: «Biz Siziň mähriban Watanymyzyň beýik ösüşlerini, döwrümiziň taryhy wakalaryny wasp edip ýazýan goşgularyňyza we poemalaryňyza örän guwanýarys. Ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelerde, şeýle-de teleradioýaýlymlarda Siziň sözleriňize döredilen aýdymlary sungat ussatlarymyz uly joşgun bilen ýerine ýetirýärler. Siziň ýazýan eserleriňiz ýurdumyzyň ýaş nesillerini watançylyk ruhunda terbiýelemekde, jemgyýetimizde agzybirlik, ynsanperwerlik, halallyk ýörelgelerini dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir» diýip ýazýar. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagynda belleýşi ýaly, şahyr Amangözel Şagulyýewa köp ýyllaryň dowamynda kämil eserleri döredip, Watana, halka ak ýürekden hyzmat etdi. Özüniň ukyp-başarnygyny, yhlasly zähmetini edebiýata bagyşlady. Döwletiň özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, halkyň agzybirligini, ýurduň abadançylygyny wasp etmekde alyp baran giň gerimli işleri, Watan öňündäki bitiren hyzmatlary nazara alnyp, oňa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent dereje berildi, «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly at dakyldy, şeýle hem ol Magtymguly adyndaky halkara baýragyna, birnäçe döwlet sylaglaryna mynasyp boldy. Şahyr türkmen edebiýatynyň gazananlaryny dünýä ýüzünde giňden wagyz etmäge, daşary ýurtly okyjylary türkmen şygryýeti bilen giňden tanyşdyrmaga hem uly goşantlary goşdy. Ol dünýäniň onlarça ýurdunda geçirilen çärelerde çykyş etdi, dünýä döwletleriniň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini türkmen diline terjime etdi. «Siziň geljekde hem ussat şahyr hökmünde ýaş ýazyjy-şahyrlarymyzy döredijiligiň ak ýoluna ruhlandyrjakdygyňyza, kämil eserleriňiz bilen bagtyýar halkymyzy begendirip durjakdygyňyza ynanýaryn» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gutlag hatynyň ahyrynda nygtaýar.