Birža söwdalarynda ABŞ-nyň 3 mil­lion 301 müň dol­la­ryn­dan gow­rak geleşik baglaşyldy

11.08.2025
Geçen hep­de­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 11-si ha­sa­ba alyn­dy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 3 mil­lion 301 müň dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Ow­ga­nys­ta­nyň te­le­ke­çi­le­ri «Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­syn­da ön­dü­ri­len su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy we hlor­ly nat­ri­ni sa­tyn al­dy­lar. Şeýle hem Gyr­gy­zys­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Tür­ki­ýä­niň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ne nah ýüp­lük we nah ma­ta, pag­ta sü­ýü­mi, dis­til­lir­len­me­dik çig ýag­ly kis­lo­ta­lar, nah ga­lyn­dy­lar ýer­le­nil­di. Ýur­du­ň işe­wür­le­ri içer­ki ba­zar üçin «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­syn­da ön­dü­ri­len, je­mi ba­ha­sy 818 müň ma­nat­dan gow­rak bo­lan bin­ýat­lyk ýa­gy sa­tyn al­dy­lar.