Belarus Respublikasy Ýewropanyň ýük ulaglary üçin ätiýaçlandyryş töleglerini 7,5 esse artdyrdy

31.01.2024

13-nji fewraldan Belarusda daşary ýurt ýük ulaglarynyň eýeleri üçin hökmany raýat jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş üçin ýyllyk tölegleriň 7,5 esse ýokarlanjakdygy Ministrler geňeşiniň degişli kararynda görkezilýär.

Häzirki wagtda bir awtoulag üçin ýyllyk ätiýaçlandyryş tölegi 96 ýewro bolsa, täze düzgüne görä, bu görkeziji 723 ýewro çenli ýokarlanar. Artdyrylan ýygymlar Belarusyň ygtyýarly guramasy bolan Ulaglary ätiýaçlandyrmak boýunça býurosy bilen hyzmatdaşlyk şertnamalaryny baglaşmadyk döwletlerde hasaba alnan ýük ulaglaryna degişlidir. Şeýle ätiýaçlandyryş işleri Belarus Respublikasynyň «Ýaşyl karta» ulgamyna agzalyklaryny togtadandyklary bilen baglylykda, 30-dan gowrak ýurt üçin güýje girizildi. Awstriýa, Belgiýa, Bolgariýa, Wengriýa, Germaniýa, Gresiýa, Daniýa, Irlandiýa, Islandiýa, Ispaniýa, Italiýa, Kipr, Latwiýa, Litwa, Lýuksemburg, Malta, Niderlandlar, Norwegiýa, Polşa, Portugaliýa, Rumyniýa, Slowakiýa, Sloweniýa, Finlýandiýa, Fransiýa, Horwatiýa, Çehiýa, Şwesiýa, Estoniýa, Şweýsariýa, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy şeýle şertnamalary baglaşmady. Onuň ýerine hökmany raýatlyk jogapkärçiligini ätiýaçlandyryşyň «Gök karta» ulgamy işläp başlady.

2024-nji ýylyň 1-nji aprelinden rus sürüjileri üçin halkara awtoulag ätiýaçlandyryş nusgalarynyň üýtgejekdigini ýatladýarys. Häzirki wagtda «Gök karta» baradaky ikitaraplaýyn şertnama diňe Russiýa Federasiýasy bilen Belarusyň arasynda baglaşyldy.