Awazda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty öz işini tamamlady

09.08.2025
BMG-niň Awaza forumynyň soňky gününde geçirilen mejlisde maslahatyň jemleri jemlendi. Mejlisde çykyş eden wekiller forumyň ýokary derejede geçirilip, onda möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, anyk wezipeleriň kesgitlenilendigini aýtdylar. Şeýle hem ýokary derejeli «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşliklere we forumlara gatnaşan ýörite wekiller degişli çäreleriň geçişine syn berip, olarda öňe sürlen garaýyşlar, kabul edilen çözgütler, öňde goýlan wezipeler barada beýan etdiler. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleri boýunça Hereketleriň Awaza maksatnamasyny tassyklaýan syýasy Jarnama kabul edildi. Forumyň jemleýji mejlisinden soň, bu çärä bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Soňra ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagynda halkara forumyň tamamlanmagynyň nyşany hökmünde baýdak düşürmek dabarasy geçirildi.