BMG-niň Awaza forumynyň jemleri boýunça brifing geçirildi
09.08.2025

Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlanyp, ýörite brifing geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, oňa köp sanly türkmen we daşary ýurt žurnalistleri gatnaşdylar.
Brifingde maglumat berilmegine görä, BMG-niň 5 --- 8-nji awgust aralygynda Awazada geçirilen ýokary derejeli halkara maslahatyna döwlet we hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurtdan, 50-ä golaý halkara guramadan ýokary wezipeli adamlar, şeýle hem 20-den gowrak iri kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.
BMG tarapyndan on ýyldan bir gezek guralýan maslahatyň işini hem-de onuň çäklerinde geçirilen utgaşykly çäreleri giňden ýaýmak maksady bilen, 40-a golaý ýurtdan 160-dan gowrak köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Awaza geldiler.
Brifingde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima žurnalistleriň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna bildirilen myhmansöýerlik hem-de bu giň gerimli, halkara hyzmatdaşlygynda taryhy ähmiýete eýe bolan maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallygyny beýan etdi.
«Awazanyň ady sagdynlyk, ýakymly owaz astynda dynç alyş hem-de syýahatçylyk bilen sazlaşýar. Mundan beýläk bu täsin künjegiň owadan owazly ady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 32-si üçin umyt-arzuwy hem-de giň mümkinçilikleri alamatlandyrýar» diýip, Rabab Fatima aýtdy.
Brifingde ählumumy raýdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan durnukly ösüşe batyrgaý, inklýuziw garaýyşlaryň maslahatyň çäklerinde geçirilen pikir alyşmalaryň esasyny düzendigi bellenildi.
Rabab Fatima Awazada geçirilen çäreler barada tutuş dünýä boýunça habarlary ýaýradandyklary üçin KHBS-iň wekillerine, ähli žurnalistlere tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu maslahatyň galdyran mirasynyň sözler bilen däl-de, onuň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durmuşyna düýpli özgertmeleri getirjekdigi bilen ölçenjekdigine ynam bildirdi.
Brifinge gatnaşyjylar 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň emele gelen netijeli dialogyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere dünýä ösüşine doly derejede gatnaşmaga hem-de ýagty geljege tarap ynamly öňe gitmäge mümkinçilik berýän täze, bilelikdäki geljegi uly meýilnamalary işläp taýýarlamaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.