Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. Oňa sebitiň şäherdir etraplarynda bolan deslapky gözden geçirilişlerde öňe saýlanan estrada aýdymçylarynyň 10-sy gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada gurnalan giň sahna geçirilen bäsleşikde ýaş zehinleriň ýerine ýetiren halk heňleri, estrada aýdymlary sungat muşdaklarynda aýratyn täsir galdyrdy.
Bäsleşikde aýdymlaryň saýlanylyp alnyşyna, ýerine ýetirilişine, aýdymçylaryň sahnada özlerini alyp barşyna, aýdymyň sözlerini dürs aýdyşlaryna aýratyn üns berildi. Sahna medeniýetiniň we ýerine ýetirijilik ussatlygynyň wajyplygyny aňladýan bu talaplary berjaý etmegiň hötdesinden gelen ýaşlar kämilligiň belentliklerine tarap ynamly barýandyklaryny görkezdiler.
Şeýlelikde, bäsleşigiň jemleri boýunça Köneürgenç etrap medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Yhlas Atakeýew hem-de Akdepe etrabyndan çeper höwesjeň Röwşen Kakaýew hoş owazlary, ýakymly labzy we ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen öňe saýlandylar. Olar, degişlilikde, birinji we ikinji orunlary eýelediler hem-de bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.