Malaýziýanyň motosikletli ekspedisiýasynyň sürüjileri Türkmenistana geldiler, TDU-da taýýarlygyň «durmuş işi» ugry açylar, Türkmenistan Döwlet muzeýinde deri önümleriniň sergisi açyldy we beýleki habarlar

23.07.2023

London – Kuala-Lumpur ugry boýunça hereket edýän Malaýziýanyň motosikletli ekspedisiýasynyň sürüjileri Türkmenistana geldiler. Bu taslama Malaýziýanyň Halkara söwda we senagat ministrligi tarapyndan işe girizildi we şonuň goldaw bermegine amala aşyrylýar. Alty sany motosikl sürüjisinden ybarat bolan ekspedisiýa 66 günüň içinde 16 ýurtdan we 66 şäherden geçip, Malaýziýanyň Garaşsyzlygynyň 66 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde Kuala-Lumpur şäherine baryp ýeter. Motosürüjiler Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanşyp, ýollaryny Mara tarap dowam etdirdiler, olar soňra Türkmenabada, ol ýerden bolsa Farap serhet nokady arkaly Özbegistanyň Buhara şäherine tarap ugradylar.