Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara howa menzili bilen tanyşdy

25.07.2025

Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylyk döwlet toparynyň alyp barýan taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gahryman Arkadag ir bilen Türkmenbaşy Halkara howa menziline bardy we ol ýerde döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy howa menzili bilen tanyşlygyň dowamynda bu ýerde ýerleşýän söwda nokatlarynda hyzmatlaryň ýokary hiliniň hödürlenilmelidigini, myhmanlar üçin ýörite sowgatlyklaryň taýýarlanylmalydygyny belläp, bu ugurda birnäçe nesihatlaryny berdi.

Şeýle hem Gahryman Arkadag halkara maslahata gatnaşmaga geljek myhmanlara howa menzilinde ýokary hilli hyzmatlaryň edilmegi boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri howa menziliniň halkara gatnawlaryň ýolagçy terminalyna geldi we pasportlary resmileşdirmek nokadyndan geçdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy howa menziliniň gümrük geçiş nokadyndan hem geçdi we bu ýerde döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdy.

Soňra Gahryman Arkadag Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelip gowşan täze tehnikalaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy we tehnikalary synlap, olaryň ulanylyşyna, abatlygyna aýratyn ünsi çekdi hem-de bu ugurda özüniň gymmatly maslahatlaryny berdi.