Türkmenistan Hytaýda geçiriljek Baketu forumyna çagyryldy

25.07.2025

Türkmenistanyň wekilleri 2025-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Hytaýyň Sinzýan-Uýgur Awtonom sebitiniň Taçen şäherindäki Merkezi Aziýa medeni Alyş-çalyş merkezinde geçiriljek 5-nji Baketu forumyna gatnaşmaga çagyryldy.

Degişli teklip Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi bilen Hytaýyň Halkara söwda goldaw bermek boýunça geňeşiniň (CCPIT) başlygynyň orunbasarynyň arasynda geçirilen duşuşykda öňe sürüldi.

Forum Taçen okrugynyň Halk hökümeti bilen Hytaýyň köptaraplaýyn korporasiýalara goldaw bermek boýunça Halkara geňeşi (СIСРМС) tarapyndan bilelikde guralýar.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň sebitara integrasiýa başlangyçlaryna we durnukly ösüşe gatnaşmagynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Öz gezeginde ilçi çakylyk üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirdi we duşuşyga gatnaşyjylary Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň esasy ýörelgeleri bilen tanyşdyrdy hem-de Türkmenistanyň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler barada gürrüň berdi.

Duşuşygyň ahyrynda hytaý tarapyna türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby, şeýle hem beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp hytaý diline terjime edilen saýlanan goşgular ýygyndysy gowşuryldy.