Türkmen wekiliýeti TDG-niň agza we synçy ýurtlarynyň syýahatçylyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy

10.07.2025

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekiliýeti 8-9-njy iýul aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň synçy we agza ýurtlarynyň syýahatçylyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berdi.

Türkmen wekiliýeti öz çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalanýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ýörelgelerine laýyklykda syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly üns berilýändigi bellenildi.

Türkmenistan ýurduň ykdysady ösüşiň möhüm görkezijisi hökmünde syýahatçylygy ösdürmek üçin ençeme çäreleri durmuşa geçirýär. Bu çäreler diňe bir içerki syýahatçylyk ugurlaryny giňeltmek we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşine, şeýle hem Türkmenistanyň halkara derejesinde özüne çekiji syýahatçylyk ýurdy hökmünde abraýyny berkitmäge gönükdirilendir.