Türkmenistanyň wekilleri Belarusda «Naroçanskiý» milli seýilgähiniň çäginde ýerleşýän «Zubrýonok» çagalar merkezinde düýn, 7-nji iýulda badalga berlen «Arkalaşygyň çagalary» atly X Halkara medeni-bilim forumyna gatnaşýarlar.
Şu ýyl forum «Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna — Ýatlama we nesilleriň agzybirligi» temasyna bagyşlanýar – diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi saýtynda bellenilýär.
Foruma Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan mekdep okuwçylaryndan düzülen wekiliýetler gatnaşýarlar.
Forumyň maksatnamasy Milli Çagalar Tehnologiýalar parkyndan başlanýar — bu ýerde okuwçylara onuň işi bilen tanyşdyrylyp, ylym we innowasiýalar boýunça ussatlyk sapaklary geçiriler.
Her gün foruma gatnaşyjylar Arkalaşygyň ýurtlarynyň biriniň taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşarlar. Şeýle-de olara gyzykly çäreler, duşuşyklar we täsirli gezelençler bilen baýlaşdyrylan maksatnama garaşýar – diýip, çeşmede bellenilýär.
«Arkalaşygyň çagalary» atly Halkara medeni-bilim forumy ilkinji gezek 2013-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynyň parlamenti — Žogorku Keneş tarapyndan öňe sürlen teklibiň esasynda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň goldamagynda Yssyk kölüň kenarynda geçirilipdi. Forum şeýle hem Russiýada we Özbegistanda hem geçirildi.
Bu gezekki Belarusda geçirilýän forum 16-njy iýula çenli dowam eder.