Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlaryny uly hormat bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek iri halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada döwlet Baştutany «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitinde eden çykyşynda aýtdy.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek iri halkara forumda häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň çözgütlerini gözlemek, halkara giňişlikde ylalaşygy we düşünişmegi gazanmak boýunça döwletleriň arasyndaky dialogyň dowam etdiriljekdigine ynanýaryn» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edendigini hem ýatlatdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky ýakyn hyzmatdaşlyga berk we üýtgewsiz ygrarlydygyny, bu formatyň halklaryň hem-de döwletleriň parahatçylygy, abadançylygy üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygyna berk ynanýandygyny beýan etdi. Şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň Sekretariatynyň Baş sekretary jenap Sun Weýduna şu gezekki sammiti üstünlikli geçirmäge goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti 17-nji iýunda Astanada geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, HHR-iň Başlygy Si Szinpin we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary gatnaşdylar. Şeýle formatdaky birinji sammit 2023-nji ýylyň maýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirilipdi.