Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy

29.05.2025
27-nji maýda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy komitetiň utgaşykly görnüşdäki mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, mejlise Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçy düzümi we işgärleri, ýurduň birnäçe ministrlikleriniňdir pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Şu gezekki duşuşygyň gün tertibine häzirki wagtda hereket edýän Çarçuwaly maksatnamanyň ýerine ýetirilişine syn bermek, 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamanyň indiki tapgyryna garamak, şeýle hem 2026 — 2030-njy ýyllar üçin BMGÖM-niň, ÝUNISEF-iň hem-de UNFPA-nyň Ýurt boýunça maksatnamalaryny tassyklamak ýaly meseleler girizildi. Mejlisde Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda ýola goýulan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi, diňe umumy tagallalar arkaly durnukly ösüşi üpjün etmek işinde häzirki döwriň talaplaryna hem-de hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin bähbitlerine kybap gelýän oňat netijelere ýetmegiň mümkindigine ynam bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, orta we uzak möhletleýin meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň binýadynda bilelikdäki ulgamlaýyn işiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy diýlip, habarda bellenilýär.