Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

29.05.2025
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bilen wideoaragatnaşyk görnüşinde duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary guramaçylyk-protokol häsiýetli meseleleriň giň toplumy, şeýle-de BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) mazmuny babatda pikir alyşdylar. Şunuň bilen birlikde, plenar mejlisleri, «tegelek stollary», forumlary we başga-da parallel çäreleri geçirmek üçin degişli ýerleri taýýarlamak boýunça işleriň gidişine jikme-jik seredilip geçildi. Şeýle hem drnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde bu maslahatyň ýokary ähmiýeti nygtaldy diýlip, habarda bellenilýär.