Türkmenistan Daşkentde geçirilen sebitleýin foruma gatnaşdy
29.05.2025

Türkmenistan Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — 2050: umumy abadançylyga we durnuklylyga tarap» atly birinji sebitleýin forsaýt-maslahatyna gatnaşdy. Bu foruma Türkmenistan bilen bir hatarda sebitiň ähli ýurtlaryndan döwlet edaralarynyň, gözleg we seljeriş merkezleriniň wekilleri hem-de garaşsyz bilermenler gatnaşdylar diýip, uza.uz saýty ýazýar.
Forsaýt-maslahatda 2050-nji ýyla çenli döwür üçin sebit bilen bagly demografiýa, energiýa, howa, suw, ulag integrasiýasy we adam maýasy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebit ýurtlarynyň arasyndaky senagat hyzmatdaşlygy we ykdysady taýdan özara baglanyşyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Maslahatyň çäginde Merkezi Aziýanyň geljegi barada açyk düzme ýazmak bäsleşigi hem yglan edildi. Sebitiň ýurtlarynda ýaşaýan ýaşlar bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. Iň oňat 100 esse jemleýji ýygyndyda çap ediler. Has giňişleýin maglumaty mampassi.org/centralasia2050 saýtyndan almak mümkin. Bäsleşige hödürlenilýän işler 2025-nji ýylyň 15-nji iýunyna çenli kabul ediler.
Habarda bellenilişine görä, «Merkezi Aziýa — 2050: umumy abadançylyga we durnuklylyga tarap» atly birinji sebitleýin forsaýt-maslahatynda işlenip düzülen pikirler, teklip edilýän başlangyçlar döwlet Baştutanlarynyň ýakyn wagtda geçiriljek konsultatiw duşuşygynyň gün tertibiniň düzülmegine goşant goşar. Şeýle hem ösüş, innowasiýa we sebitleýin integrasiýa pudagynda durnukly hyzmatdaşlyk üçin esas döreder.