Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

28.05.2025
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de ýurduň doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. “Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan doganlyk gatnaşyklarynyň halklarymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna mundan beýläk hem yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynanýarys” diýip, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda belledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.