Türkmenistanyň we Hytaýyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
27.05.2025

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaýyň daşary işler ministri W Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onda ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda, hususan-da, syýasy-diplomatik gatnaşyklar, ykdysadyýet, energetika we beýleki birnäçe ugurlar boýunça pikir alşyldy.
Iň ýokary derejede döredilen açyk, dostlukly we konstruktiw döwletara dialogyň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň çalt depginler bilen ösmeginde esasy faktor bolup durýandygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli geçirýän duşuşyklary iki ýurduň arasynda ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Ministrler iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän syýasy geňeşmeleriň möhümdigine ünsi çekdiler we diplomatik ugurlar boýunça yzygiderli ikitaraplaýyn gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.