Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
27.05.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mihail Kawelaşwilä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gruziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi. Bu barada TDH habar berdi.