Aşgabat şäheriniň häkimligi jemagat hyzmatlaryna ýöriteleşdirilen awtoulaglary satyn alar
                26.05.2025
                
                    
                    
                    
                    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemagat hojalygy pudagyny ösdürmek, ilatymyza edilýän jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. 
Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglary, jemagat tehnikalaryny we enjamlary hem-de olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Changsha Zoomlion Environmental Industry Co., Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu barada TDH habar berýär.