Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystana sapar bilen bardy

22.04.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana bardy. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi. Türküstan şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady diýlip, habarda bellenilýär. Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystana saparynyň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen resmi däl duşuşyk geçirer. Onda türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de saparyň çäginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türküstan şäherindäki birnäçe desgalara baryp görmegine garaşylýar.