Arkadag şäherinde “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

21.04.2025
19-njy aprelde Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, ýurdumyza sapar bilen gelen “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Golaýda Arkadag şäherinde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň başlylyk etmeginde Gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahat üstünli geçirildi. Bu forum halkara jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi. Şunuň bilen baglylykda, “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň wekilleri Gaznanyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmak üçin Arkadag şäherinde saparda boldylar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan asylly işlerine ýokary baha berdiler. Şu nukdaýnazardan teleýaýlymyň wekilleri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri bilen öz tomaşaçylaryny has giňden tanyşdyrmak maksady bilen, Gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewadan interwýu bermegini haýyş etdiler. Duşuşygyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa myhmanlaryň haýyşyna kanagatlanma bilen dünýäniň meşhur “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň sowallaryna jogap berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna beren interwýusy ýakyn günlerde tomaşaçylara ýetiriler. Meşhur teleýaýlymyň esasy alyp baryjysynyň belleýşi ýaly, Oguljahan Atabaýewanyň interwýusy bu Gazananyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berdi.