Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi

28.01.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseriniň ýapon dilinde neşir edilmegi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda şanly waka öwrüldi. Bu kitap hoşniýetli erk-islege, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetiniň özboluşly nyşanydyr. Häzirki döwürde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen has-da baýlaşdyrylýar. Ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň, umumy rowaçlygyň, abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän doly derejeli hyzmatdaşlyk üçin amatly ýagdaýy döretmegiň möhüm şerti bolan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidir. Täze kitap Sukuba uniwersiteti tarapyndan ýapon diline terjime edildi. Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň martynda Ýaponiýada iş sapary wagtynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa bilim, ylmy barlaglary geçirmek ulgamynda özara alyşmalar boýunça halkara okuw maksatnamasyna ýardam berendigi üçin Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory diýen alymlyk derejesi berildi. Geçen ýylyň sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitapda Ýaponiýa hakynda ençeme maglumatlaryň ýerleşdirilendigini, hususan-da, häzirki döwürdäki türkmen-ýapon gatnaşyklary barada bellenilip geçilýändigini aýtdy. Ol many-mazmun taýdan täsirli bu eseri ýapon diline terjime etmek isleginiň bardygyny beýan edip, munuň iki halkyň has-da ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu eseri türkmen halkynyň taryhyna has giňişleýin garamaga, milli özboluşlylygy, däp-dessurlary, durmuş ýörelgeleri bilen tanyşmaga, halkymyzyň dünýäniň ylmy, ykdysady, medeni ösüşine goşan uly goşandyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem kitapda ata-babalarymyzyň beýik işleri, halkymyzyň ruhy gymmatlyklary, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň ýörelgeleri hakynda söz açylyp, awtoryň häzirki we geljek döwür baradaky çuňňur oýlanmalary beýan edilýär. «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyň ýapon diline terjime edilmegi bilen, okyjylara halkymyzyň umumadamzat ähmiýetli taryhy we baý medeniýeti, giň durmuş filosofiýasy, dünýägaraýşy, parasatly öwüt-ündewleri baradaky düşünjelerini giňeltmäge mümkinçilik döredildi. Bu bolsa, öz gezeginde, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine ýardam berer.