Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
28.01.2024
26-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meselelere garaldy.
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurtda amala aşyrylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmegiň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işiniň hukuk esaslaryny kesgitlemek bilen baglanyşykly Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Maşgala we Raýat iş ýörediş kodekslerine degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Birnäçe kanunlaryň kadalary döwrüň talaplaryna laýyk getirilýär.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde görülýän anyk çäreler, deputatlaryň alyp barýan işleri, gatnaşýan çäreleri barada hem aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra wise-premýerler hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, ýurduň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.