Gazagystan bilen Gyrgyzystanyň serhedinde tölegli elektron nobatlar peýda bolar

27.03.2025
Tölegli elektron nobatlar Gazagystan bilen Gyrgyzystanyň serhedinde peýda bolar – diýip, Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrligi habar berýär. Ministrlik awtoulaglar we daşalýan ýükler üçin tölegli esasda elektron nobaty ulanýan awtoulag barlag-geçiriş nokatlaryny tassyklady. Bular «Aýşa-Bibi», «Auhatty», «Karasu», «Kegen», «Kordaý», «Sartobe» we «Sypataý Batyr». Buýruk 2025-nji ýylyň 30-njy martynda güýje girýär.