Gruziýa Anakliýa portunyň we täze howa menziliniň gurluşygyna başlaýar

23.01.2024

2024-nji ýylda Gara deňziň Gruziýadaky kenarynda ýerleşýän Anakliýada täze çuň deňiz portunyň gurluşygynyň başlanjakdygy we täze howa menzilini gurmagyň meýilleşdirilýändigi Dawos ykdysady forumynyň çägindäki «Ýewraziýanyň täze säheri» taslamasynda premýer-ministr Irakliý Garibaşwili tarapyndan habar berildi.

«Ýurdy sebit awiasiýa merkezi hökmünde görkezmek isleýäris. Gruziýanyň ýerleşýän ýeri hem muňa uly goşant bolar. Sebitiň awiasiýa merkezi bolmak üçin biziň ähli mümkinçiliklerimiz bar» — diýip, Garibaşwili belledi.

Mundan başga-da, şu ýyl demir ýoly döwrebaplaşdyrmak tamamlanar. Bu bolsa onuň kuwwatyny iki esse artyrar. Şeýlelikde, ol her ýyl 48 million tonna möçberde ýük daşamak mümkinçiligine eýe bolar. «Gündogar — Günbatar» ýokary tizlikli ýolunyň gurluşygyny hem 2024-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.

«Biz iki ýyl mundan ozal gazagystanly we azerbaýjanly kärdeşlerimiz bilen bilelikde ýol kartasyna gol çekdik. Bizde Gazagystan, Azerbaýjan we Gruziýa geçelgesini ösdürmek üçin diýseň anyk meýilnama bar we bu ugurda näme edilmelidigini bilýäris. Bu iş port infrastrukturasyny giňeltmekden, öndürijiligi kämilleşdirmekden, demir ýollary döwrebaplaşdyrmakdan, howa menzillerini hem-de ýol infrastrukturasyny ösdürmekden ybarat» — diýip, Garibaşwili sözüniň üstüni ýetirdi.