Gazagystanda söwda-logistika merkezi öz işine başlady

22.01.2024

Gazagystan bilen Hytaýyň serhetinde «Dostyk Storage» bilen Döwlet girdejileri komitetiniň bilelikde guran täze halkara söwda-logistika merkezi öz işine başlady.

Taslamanyň esasy maksady serhetaşa logistika infrastrukturasyny ösdürmek we «Alakol» ýol geçelgesiniň kuwwatyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Täze ammar mümkinçilikleri «Dostyk» gümrükhanasynyň «Alakol» gümrük nokadynyň kuwwatyny günde 200-den 600-e çenli ýük awtoulagyna çenli artdyrar. Munuň özi ýük dolanyşygynyň günde dört müňden 12 müň, ýyllyk mümkinçilikleriniň bolsa bir milliondan üç million tonna çenli ýokarlanmagyna getirer.

Logistika merkezi 13,5 gektar meýdanda ýerleşýär. Şonuň 3,5 gektary ammar jaýlary we infrastruktura, 10 gektary bolsa ýük ulaglarynyň duralgasy hökmünde bölünip berilýär. Taslama hususy maýadarlaryň hasabyna durmuşa geçirildi.