Türkmenistanyň we Efiopiýanyň Pakistandaky ilçileri duşuşdylar
09.03.2025

Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bilen bu ýurduň Pakistandaky we Türkmenistandaky ilçisi Jemal Beker Abdullanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada 5-nji martda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşykda ilçi Jemal Beker Abdulla ynanç haty gowşurmak üçin ýakynda Türkmenistana bolan sapary, şeýle hem Aşgabatda ýokary derejeli resmiler bilen geçirilen netijeli duşuşyklar barada gürrüň berdi.
Türkmenistanyň ilçisi öz gezeginde 2025-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Addis-Abeba şäherine guralan üstünlikli sapary we görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.
Taraplar öz hökümetleriniň ikitaraplaýyn, sebitleýin we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrundaky gyzyklanmalaryny tassykladylar.