Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine barýan ýoluň ugrunda alnyp baryljak gurluşyk işleri bilen tanyşdy

07.03.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle-de täze şäherde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we ýol-ulag düzümine degişli desgalary abadanlaşdyrmak boýunça maslahatlaryny berdi. Halk Maslahatynyň Başlygy ir bilen Arkadag şäherine tarap barýan ýoluň ugrundaky köp zolakly halkalaýyn ýoluň ýanynda saklandy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işler we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, aýratyn-da, aýlawly ýoldan Arkadag şäherine çenli uzaýan köçäniň durkuny täzelemek, ony düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalar, ýoluň yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünleriň görnüşleri barada hasabat berdi. Görkezilýän şekil taslamalaryň hatarynda Arkadag şäherine çenli uzap gidýän ýoluň umumy görnüşi, onuň ugrunda ekilmegi meýilleşdirilýän baglaryň, teklip edilýän ýol belgileriniň, mahabat hem-de yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünleriň görnüşleri bar. Şeýle hem ýol ýakalarynda oturdylmagy meýilleşdirilýän heýkeller barada giňişleýin hasabat berildi. Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilýän taslamalar, ýol ýakasynda ekilmegi meýilleşdirilýän baglaryň, yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünleriň görnüşleri we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Gahryman Arkadag ýoluň ýakalarynda türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen şöhratly ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň oturdylmagynyň we olaryň binýadynda şol bedewiň nesil ugruna, taryhyna we gazanan üstünliklerine degişli maglumatlaryň ýerleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de ýoluň her tarapynda welosiped ýodalarynyň we atly gezelençleri amala aşyrmak üçin çäge düşelen ýodalaryň gurulmagynyň zerurdygyny belledi. Bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryny we bagy-bossanlygyny nazara alyp, Gahryman Arkadag bu ýerde göwnejaý dynç almak üçin özboluşly tebigy künjegiň bardygyny aýtdy we onuň adamlaryň gelim-gidimli ýerine öwrülmegi üçin künjekde dynç almak hem-de wagtyňy peýdaly geçirmek boýunça ähli zerur şertleriň we mümkinçilikleriň döredilmelidigini belledi.