Türkmenistan Aşgabatda Yragyň ilçihanasynyň açylmagyna ýardam bermäge taýýardyr
07.03.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Yrak Respublikasynyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň açylmagy we netijeli işlemegi üçin ähli amatly şertleri döretmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudani bilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda nygtaldy – diýip, TDH agentligi habar berýär.
Söhbetdeşlikde türkmen döwletiniň Baştutany iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny belledi.