Türkmenistan TIBCO-2025 halkara söwda sergisine çagyryldy
06.03.2025

Rumyniýanyň Romexpo S.A. kompaniýasy Türkmenistanyň işewürlerine resmi taýdan TIBCO-2025 halkara sergisine gatnaşmagyna çakylyk iberdi. Çäre 29-njy maýdan 1-nji iýuna arlygynda Rumyniýanyň Buharest şäherindäki Romexpo sergi we ýapyk arena merkeziniň C2 pawilýonynda geçiriler diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň web-sahypasy habar berýär.
TIBCO sergisi (Targul international de bunuri de larg consum) dürli pudaklaryň öňdebaryjy kompaniýalaryny birleşdirýän halkara söwdanyň ähmiýetli platformasy bolup durýar. Çäräniň esasy maksady – işewür gatnaşyklar üçin şertleri döretmek, eksport mümkinçiliklerini görkezmek hem-de döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmekdir.
Türkmen telekeçileriniň TIBCO sergisine 2024-nji ýylda ilkinji gezek gatnaşyp Rumyniýada milli senagatyň mümkinçiliklerini görkezdiler. Şu ýylky geçiriljek sergi has uly möçberde guraljakdygyny guramaçylar aýtdylar.
Sergi hakynda has giňişleýin maglumat romexpo.roresmi web sahypasynda elýeterlidir.