Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyryldy
06.03.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halklaryny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutladylar.
Telefon arkaly söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Prezidenti özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga we ynanyşmaga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belledi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşide mähirli salamyny beýan etdi.
Premýer-ministr Mohammed Şiýa Al Sudani hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Prezident Abdul Latif Raşidiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Yrak Respublikasynda Türkmenistan bilen dost-doganlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi.
Söhbetdeşligiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýerýän daşary syýasy ugruny hem-de BMG we beýleki halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Yrak Respublikasyna minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny belläp, Aşgabatda Yrak Respublikasynyň diplomatik wekilhanasynyň açylmagy we onuň netijeli işlemegi üçin ähli amatly şertleri döretmäge Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.
Telefon arkaly söhbetdeşlikde iki ýyl mundan ozal Türkmenistan bilen Yragyň gaz pudagynda bilelikdäki işlere girişendikleri hem-de her ýyl 10 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny swap usulynda Eýranyň çäginden Yraga ibermek boýunça düýpli ylalaşygyň gazanylandygy bellenildi. Premýer-ministr Mohammed Şiýa Al Sudani Yrak Respublikasynyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklap, munuň üçin zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy we Premýer-ministr Mohammed Şiýa Al Sudanini bu wekilçilikli maslahata çagyrdy.
Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, bu çärelere gatnaşmagyň özi üçin uly hormat boljakdygyny aýtdy, şeýle hem Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlary boýunça hem pikir alyşdylar.