27-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawidi kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ähli ulgamlarda, şol sanda halkara giňişlikde gazanýan üstünlikleriniň ähmiýetini belledi. Şeýle hem ol ak mermerli Aşgabadyň gözel keşbiniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistany dünýäde giňden tanatmak boýunça dürli ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we halkara media agentlikleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunda Ýewropanyň öňdebaryjy media düzümi bolan «Euronews» telekompaniýasy bilen ençeme ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň medeni we taryhy mirasyny dünýä tanatmak, syýahatçylygy ösdürmek ýaly ugurlarda «Euronews» bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada aýratyn belläp geçdi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň baý milli medeni mirasy we taryhy ýadygärlikleri bar. Türkmenistan dünýäniň iň gadymy medeni merkezleriniň biri bolup, häzirki wagtda syýahatçylyk üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyz diňe bir taryhy ýadygärliklere däl, eýsem, tebigy gözelliklere hem baýdyr. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, Köpetdagyň dag etekleri, Garagum sährasy syýahatçylyk babatda uly artykmaçlyklara eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Euronews» telekompaniýasynyň ýörite gepleşiklerinde Türkmenistan barada degişli wideofilmleriň görkezilýändigini belledi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şeýle hem şu ýyl biz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny giňden belläp geçeris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Pedro Wargas Dawidi 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çagyrdy hem-de onuň halkara foruma gatnaşmagynyň çäräniň üstünlikli geçmegine uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ozal ýerine ýetirilen we geljekde göz öňünde tutulýan taslamalar barada-da pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde-de «Euronews» telekompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, Pedro Wargas Dawide jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.