Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ilki bilen welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda aýdylmagyna görä, şu günler welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda möwsümleýin ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak hem-de şu ýyl gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, tekizleýiş we geriş çekmek işleri alnyp barylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak we talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Şeýle-de welaýatlarda ýazlyk ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki kadalara laýyklykda, öz wagtynda geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Häkimler ýurdy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, bugdaýa ideg etmek, gowaça ekişine taýýarlyk görmek işleriniň ýokary hilli hem-de öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we häkimlere degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu ugurda welaýatlarda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurduň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barmagyň ekinlerden ýokary hasyl almak bilen birlikde, ýer we suw ýaly tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmaga hem ýardam berýändigini belledi we wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekişine taýýarlyk işlerine ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmek, ýeralma hem-de gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we ýerleri talabalaýyk taýýarlap, ekişiň depginini has-da güýçlendirmek, welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek babatda degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutany ýurdy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýylda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.